"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Uniwersiada badalga berildi

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Ýur­du­myz­da her okuw ýy­ly­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da «Türk­me­nis­tan — ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly Uni­wer­sia­da­nyň ge­çi­ril­me­gi in­di aja­ýyp dä­be öw­rü­len­dir. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bu Uni­wer­sia­da in­di 14-nji ge­zek ge­çi­ril­ýär.

Türk­men ta­lyp­la­ry­nyň üs­tün­li­gi

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 2024-nji ýy­lyň 7 — 12-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han se­bi­tin­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň uni­wer­si­tet­le­ri­niň we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri­niň As­so­sia­si­ýa­sy­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň ara­syn­da Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň VII hal­ka­ra ta­lyp­lar uni­wer­sia­da­sy ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra uni­wer­sia­da­da Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Eý­ra­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň we­kil­le­ri, şeý­le-de Ast­ra­han se­bi­ti­niň uni­wer­si­tet­le­rin­de bi­lim al­ýan Gai­ti­den, Se­ne­gal­dan, Ma­rok­ko­dan, Ka­me­run­dan, Gwi­ne­ýa-Bis­sau­dan, Çad­dan, Tu­nis­den, Mü­sür­den we Ga­na­dan ge­len ta­lyp­lar öza­ra bäs­leş­di­ler.

«Ash­ga­bat Open 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni we spor­ty ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dür­mek hem-de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn çä­re­ler ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni üp­jün et­mä­ge uly iter­gi ber­ýär. Şol bir wagt­da sport ul­ga­myn­da gu­ral­ýan iri hal­ka­ra, se­bit de­re­je­li çä­re­ler, bäs­le­şik­ler dün­ýä döw­let­le­ri we halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

Uni­wer­sia­da — dost­lu­ga ça­gy­ryş

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek­de, ony dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da nus­ga­lyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek, berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Sportuň saglyga peýdasy

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Sport rahatlanmaga kö­mek ed­ýär. Sportuň fi­zi­ki iş­jeň­li­giň, stres­i azalt­ma­gyň we emo­sio­nal tä­sir­den çyk­ma­gyň aja­ýyp usu­ly­dy­gy mä­lim­dir.

Sagdynlyk we ruhubelentlik

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 17-nji okt­ýabr­da «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty­nyň Ýo­ka­ry li­ga­syn­da­ky ýu­bi­leý du­şu­şy­gy­na gat­naş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ýo­ka­ry Li­ga­sy­nyň 29-njy tap­gy­ry­nyň se­ne­si süý­şü­ri­len «Ahal» bi­len ge­çi­ri­len oýun ýur­du­my­zyň çem­pio­ny­nyň Ýo­ka­ry li­ga­da­ky 50-nji du­şu­şy­gy bol­dy. Şol oýun­da hem «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy.

Dostluk kenaryndaky dabara

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Wa­gyz-ün­dew iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar

Ýeňişli menziller

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz­da yn­san sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak yn­san sag­ly­gy üçin äh­mi­ýet­li­dir. Bu ba­bat­da ýur­du­myz­da giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän mil­li sport ul­ga­my dö­re­dil­ýär.

Spor­ty en­di­ge öwür­seň...

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Ma­ka­la­nyň söz­ba­şy­syn­da­ky soň­lan­ma­dyk jüm­lä­niň do­wa­myn­da gi­den bir uly ma­ny-maz­mun jem­le­nen. Şo­nuň üçi­nem bu jüm­lä­niň do­wa­my­ny ma­ka­la öwü­rip, oky­jy­la­ra ýe­tir­mek­li­gi ma­kul bil­dik.

Hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çi­ri­ler

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­myz­da spor­tuň, şol san­da ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler spor­tu­nyň gül­läp ös­ýän za­ma­na­sy­dyr. Mu­ňa «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len iri sport çä­re­le­ri, sport bäs­le­şik­le­ri hem şa­ýatlyk ed­ýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 «Ön­dü­ri­ji­lik­li pi­kir­len­mek barlamhanasy» at­ly ta­lyp­la­ryň yl­my gur­na­gy Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan Aş­ga­bat­da gu­ra­lan «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyn­da Po­wolž­ýe uni­wer­si­te­ti­niň adyn­dan we­kil­çi­lik et­di.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen duşuşygynda «Altyn Asyr» öz meýdanynda «Aşgabat» bilen güýç synanyşdy. Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Altyn Asyr» toparyna üstünlik getiren toplary Myrat Annaýew (2) bilen Wahyt Orazsähedow geçirdiler.

«Arkadag» toparynyň nobatdaky üstünligi

7-nji oktýabr. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 28-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen duşuşygy. Geçen ýylyň çempiony «Arkadag» topary öz meýdanynda «Nebitçini» kabul edýärdi. Şol gün taryhy netije hasaba alynmalydy. Arkadag şäheriniň adybir topary ýeňiş gazanan ýagdaýynda bassyr ikinji gezek çempion bolýardy. Duşuşygyň emini Jumamyrat Jumamyradowyň jürlewüginiň sesi ýaňlanan dessine hüjüme geçen ýer eýeleri 8-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň 17 metr çemesi aralykdan ýerine ýetiren jerime urgusyndan soň öňe saýlanýar – 1:0. Şondan soň oýun az wagtlyk orta gürpde dowam edýär. Şol pursatlar ýer eýeleriniň baş tälimçisi Wladimir Baýramow gyraky ýarymgoragçylary tijenmäge çagyrýar. Bu oýun tilsimi az wagtdan soň öz miwesini berýär. Duşuşygyň 23-nji

Uniwersiada badalga berildi

16-njy oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa sport hünärmenleridir ýokary okuw mekdepleriň talyp toparlary gatnaşdy. Dabara turuwbaşdan baýramçylyk ruhuna beslendi. Ýokary okuw mekdebimiziň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz, tans toparynyň çykyşlary, toplumyň meýdançasynda peýda bolan ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezmekleri çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Uniwersiadanyň esasy maksady sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, ýokary okuw mekdeplerinde sportuň olimpiýa görnüşlerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlarymyzyň Bütindünýä uniwersiada we beýleki abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Golaýda söweş sambosy boýunça 2007 – 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. «Gyşky oýunlar sport toplumynyň» sport zalynda guralan ýaryşda Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleri dürli agram derejelerinde çykyş etdiler. Sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymlary R.Haýtbaýewiň hem-de Ý.Nuryýewiň şägirtleri dürli agramlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 16-syny eýelemegi başardylar. Mergen Haýtbaýew, Oraz Tüňňiýew, Döwlet Amankulyýew, Azym Ýalkapberdiýew, Ýakup Nurmyradow, Meýlis Haýtbaýew, Oraz Gaýypnazarow, Sähetmyrat Azadow, Abdylla Annamuhammedow 1-nji orny eýelediler. Pena Röwşengeldiýew, Gudrat Orazmyradow 2-nji, Döwran Kulow, Döwran Kakabaýew, Atajan Orazow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

Hormata mynasyp halypa

Dörän gününden bäri janköýerlik edip gelýän toparym bolan Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» türgenleşdiren her bir tälimçä hem aýratyn hormat-sarpa kalbymyň töründe orun alypdyr. 1996-njy ýylda nebitçileriň şäheriniň toparyna tejribeli tälimçi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Wiktor Kuroçkin halypalyk etdi. Şol döwür Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap başlapdym we her gezek nobatdaky duşuşygyny geçirmäge paýtagta gelýän «Nebitçi» toparynyň futbolçylaryny we tälimçilerini görenimde, köpden bäri gatnaşyk saklap ýören tanyş-bilişlerime duşan ýaly ýakymly duýgulary başdan geçirýärdim. Biziň bu günki ýazgymyzyň baş gahrymany belli derwezeçi hem-de tälimçi Wiktor Kuroçkiniň ýakynda 70 ýaşy doldy. Halypany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de oňa jan saglyk, uzak ömür, maşgala bagtyýarlygyny arzuw edýäris.

Шорт – в фокусе шахматного праздника

Легенда мировых шахмат Найджел Шорт всю неделю находился в центре внимания шахматного и спортивного сообщества страны. 59-летний гроссмейстер из Англии, известный тем, что в 1993 году оспаривал звание чемпиона мира в матче против Гарри Каспарова, поучаствовал в целом ряде мероприятий в Ашхабаде с 9 по 12 октября.  Самым ярким из них для гостя стал блиц-турнир на Кубок Шахматной федерации страны 10 октября, который Шорт, имеющий рейтинг ФИДЕ по блицу 2571, выиграл, набрав 7,5 очка из 9 возможных. Также по 7,5 очка набрали ашхабадский международный гроссмейстер Максат Атабаев (рейтинг ФИДЕ по блицу – 2377) и кандидат в мастера спорта Аманмухаммет Хоммадов (2316), которые соответственно заняли 2-е и 3-е места по дополнительным показателям. Атабаев свел свою партию с претендентом на мировую корону 1993 года вничью, а Хоммадов и вовсе смог выиграть у именитого гроссмейстера, но потерял очки в партиях с другими соперниками.

At üstündäki milli oýunlar

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda şeýle jümleler bar: «At üstündäki oýunlar örän ezberlik bilen ýerine ýetirilýär we batyrgaýlygy talap edýär. At üstündäki ilkinji oýunlaryň hatarynda gylyçlaşyp uruşmak, çapyp barýan atyň üstünden naýza zyňmak, altyn gabak atmak ýaly oýunlary görkezmek bolar. Şeýle ýaryşlarda harby oýunlary alyp barmagyň endikleri öwredilipdir». Bu dürdäne sözlerden hem görnüşi ýaly, bedew aty wepaly dosty, gardaşy saýýan halkymyz at üstündäki milli oýunlaryň-da dürli görnüşlerini döredipdir we perzentleriniň çagalykdan şol oýunlardan ezberlik bilen baş çykaryp bilmegi üçin tagallalaryny, yhlaslaryny gaýgyrmandyr. Jahankeşde alym Arminiý Wamberi: «Türkmenler oglanlaryna bäş ýaşynda at mündürip başlaýarlar, on ýaşynda olar eýýäm at çapyşyklarda çapyksuwarlyk edýärler» diýip ýazypdyr. Munuň şeýle bolmagynyň esasy sebäbi hem ata-babalarymyzyň at bilen höwrügen adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn, maksadaokgunly bolýandygyna özleriniň terbiýeçilik hem-de seýisçilik tejribeleriniň esasynda göz ýetirendiklerindedir.

Türgenlerimiziň şowly çykyşlary

Golaýda adaty karate boýunça Lebap welaýatynyň 23-nji açyk çempionaty geçirildi. Türkmenabat şäheriniň sport toplumynda guralan ýaryşa paýtagtymyz Aşgabatdan, ýurdumyzyň welaýatlaryndan toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda Aşgabat şäheriniň türgenleri öňdeligi eýelediler. Daşoguz welaýatynyň türgenleri 2-nji, Lebap welaýtynyň topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Welaýatymyzyň ýygyndy toparynyň esasyny düzýän sport mekdebimiziň türgenleri hem ýaryşda şowly çykyş etdiler. Olardan dürli ýaş derejelerindäki oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Atamurat Şadyýew, Daniýar Bagtyýarow, Muhabbat Rozybaýewa (şahsy tutluşyk) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar. Muhammet Hojakuliýew, Bibijan Orazowa (şahsy tutluşyk), Dawut Ilhamow (şahsy kata), Selbi Saparowa (şahsy tutluşyk hem şahsy kata) 2-nji orny eýelediler. Abdyresul Meýlisow (şahsy tutluşyk) 3-nji netije bilen ýaryşy jemledi. Welaýatymyzyň toparyny ýaryşa sport mekdebimiziň tälimçisi R.Hudaýberenow taýýarlady.

Taryhda şu gün

«Realyň» «Milan» bilen geçiren (2:0) şol günki oýnunda ol Çempionlar ligasynda, bir toparyň düzüminde 104-nji duşuşygyny geçirýär. 2008-nji ýylda futbol ýoluny tamamlan Oliwer Kanyň hem Çempionlar ligasyndaky 103 duşuşygyny diňe bir toparyň, «Bawariýanyň» düzüminde geçirendigi bellärliklidir.