«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ynsan saglygy üçin ähmiýetlidir. Bu babatda ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar, halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamy döredilýär.