At üstündäki milli oýunlar

19 Oktýabr 2024
240

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda şeýle jümleler bar: «At üstündäki oýunlar örän ezberlik bilen ýerine ýetirilýär we batyrgaýlygy talap edýär. At üstündäki ilkinji oýunlaryň hatarynda gylyçlaşyp uruşmak, çapyp barýan atyň üstünden naýza zyňmak, altyn gabak atmak ýaly oýunlary görkezmek bolar. Şeýle ýaryşlarda harby oýunlary alyp barmagyň endikleri öwredilipdir». Bu dürdäne sözlerden hem görnüşi ýaly, bedew aty wepaly dosty, gardaşy saýýan halkymyz at üstündäki milli oýunlaryň-da dürli görnüşlerini döredipdir we perzentleriniň çagalykdan şol oýunlardan ezberlik bilen baş çykaryp bilmegi üçin tagallalaryny, yhlaslaryny gaýgyrmandyr.

Jahankeşde alym Arminiý Wamberi: «Türkmenler oglanlaryna bäş ýaşynda at mündürip başlaýarlar, on ýaşynda olar eýýäm at çapyşyklarda çapyksuwarlyk edýärler» diýip ýazypdyr. Munuň şeýle bolmagynyň esasy sebäbi hem ata-babalarymyzyň at bilen höwrügen adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn, maksadaokgunly bolýandygyna özleriniň terbiýeçilik hem-de seýisçilik tejribeleriniň esasynda göz ýetirendiklerindedir.

Aziza SERDAROWA,
sport synçysy.