Dörän gününden bäri janköýerlik edip gelýän toparym bolan Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» türgenleşdiren her bir tälimçä hem aýratyn hormat-sarpa kalbymyň töründe orun alypdyr. 1996-njy ýylda nebitçileriň şäheriniň toparyna tejribeli tälimçi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Wiktor Kuroçkin halypalyk etdi. Şol döwür Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap başlapdym we her gezek nobatdaky duşuşygyny geçirmäge paýtagta gelýän «Nebitçi» toparynyň futbolçylaryny we tälimçilerini görenimde, köpden bäri gatnaşyk saklap ýören tanyş-bilişlerime duşan ýaly ýakymly duýgulary başdan geçirýärdim.
Biziň bu günki ýazgymyzyň baş gahrymany belli derwezeçi hem-de tälimçi Wiktor Kuroçkiniň ýakynda 70 ýaşy doldy. Halypany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de oňa jan saglyk, uzak ömür, maşgala bagtyýarlygyny arzuw edýäris.