Bahry-Hazar bilen «Iki deňiz» arasy

25 Fewral 2023
604

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» Aziýa yklymynyň dürli sebitleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň arasynda Aýlag sebitiniň arap döwletleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Ählumumy halkara gatnaşyklarda has möhüm ähmiýete eýe bolan bu sebit Eýran bilen Arabystan ýarym adasynyň aralygynda ýerleşýär. Ormuz bogazy arkaly Oman aýlagy, Arap deňzi we Hindi ummany bilen baglanyşýar. Aýlagyň kenarynda Yrak, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Katar, Bahreýn, Eýran we Oman döwletleri ýerleşýär. Aýlagyň geosyýasy, geostrategik, geoykdysady ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen gatnaşyklarynda Bahreýn Patyşalygyna hem möhüm orun degişlidir.

Ady «Iki deňiz», has takygy, «Iki deňziň goşulýan ýeri» («Majmu’ul-Bahreýn») diýen manyny berýän, 51 sany tebigy, 33 sany emeli adada ýerleşen bu ýurdy 1783-nji ýyldan bäri Halifalar şanesli dolandyrýar. 1971-nji ýylyň 14-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Bahreýn nebitiň we gazyň hasabyna ösdi. Ýurduň ykdysadyýetiniň 80 göterimi gönüden-göni nebitgaz önümçiliginden gelýän girdejilerden alynýar. Muňa garamazdan, Bahreýn Aýlagda ilkinji bolup nebite garaşsyz ykdysadyýeti ösdürmäge, bank we maýa goýum ulgamyna artykmaçlyk berýän döwlete öwrüldi. Bahreýn 20-den gowrak döwlet bilen erkin söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty. Aşgabat — Manama — Aşgabat.