«Apple» smartfon bazarynda ikinji orny eýeledi, ýöne bu bazarda öňdebaryjy hem bolup biler. Bu barada «TrendForce» seljeriş kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde «Samsung» kompaniýasy 21,2% paý bilen bazaryň lideri bolmagynda galdy. Ikinji orny 15,9% paýy bilen «Apple» eýeledi, üçünji orunda bolsa 15,7% paýy bilen «Oppo» ornaşdy. Dördünji we bäşinji orunlara degişlilikde, 13,7% we 10,5% paýlary bilen Hytaýyň «Xiaomi» we «Vivo» kompaniýalary eýeçilik edýärler. Bilermenler täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda amala aşyryljak söwdalarda müşderileriň «iPhone 13»-e bolan islegleriniň artjakdygyny we «Apple»-iň ýylyň ahyryna çenli bazaryň liderine öwrüljekdigini çaklaýarlar.