2022-nji ýylda garaşylýan tehnologiýa täzelikleri

3 Dekabr 2021
1973

Tehnologiýanyň akymy garaşylmadyk ýagdaýda üýtgäp bilýär. Mysal üçin pandemiýanyň ýüze çykmagy uzak aralykdan işlemäge degişli tehnologiýalaryň ösmegine şert döretdi. «Forbes » neşiri 2022-nji ýylda biznes dünýäsinde tapawutlanjak tehnologiýalar barada çaklamalar taýýarlady. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, aşakdaky tehnologiýalarda has köp ösüş gazanylar. Awtomatlaşdyrmak. Bu tehnologiýa diňe önümçilikde däl, eýsem, maglumatlaryň gaýtadan işlenmeginde hem giňden peýdalanylar. Kiçi we orta ölçegdäki kärhanalar hem täze nesil «hyzmatdaş » robotlar («cobot») bilen bäsleşerler. «Cobot» adamlar «düşünişip işleşýän » has ösen robotlar hasaplanýar. Çaklama daýanýan seljeriş. Bilermenler maglumat seljerijisiniň programma üpjünçiligi pudagy üçin ähmiýetli boljakdygyny belleýärler. Çaklama esaslanýan seljerijiler kiberhowpsuzlygy dolandyrmakda ýardam eder. Programma üpjünçiliginiň hiliniň standartlary. Adamlaryň ulanýan dürli enjamlaryna ýerleşdirilen programma üpjünçiliginiň hiliniň ähmiýeti artar. Tehnologiýa dünýäsi programma üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmakda emeli aň we maşynlaryň öwrenmegi bilen bagly döwre gadam basýar. «Akylly » şäherler. Şäherlerde has gowy we durnukly ýaşaýyş üçin hyzmatlar hödürlener. Ýaşaýjylaryň we işleýän adamlaryň gündelik durmuşyny has ýeňilleşdirmek üçin maglumat we tehnologiýa ulgamlary ornaşdyrylar. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň 68 göterimini şäherliler emele getirer. Web 3.0. Bu adalga ulanyjylara ýardam etmek üçin emeli aňdan peýdalanýan, internet torunyň mundan soňky tapgyry hasaplanýar. Bu tehnologiýany häzirki wagtda «Amazon », «Apple » we «Google » kompaniýalary ulanýar. 5G-niň ýaýbaňlanmagy senagat rewolýusiýasyna sebäp boljak «Web 3.0»-uň iri kompaniýalar tarapyndan kabul edilmegine şert döreder. Uzak aralykdan işlemek üçin tehnologiýalar. Bu ugur geljek ýyl hem ösüşini dowam etdirer. Dünýä boýunça iş alyp barýan kompaniýalar işçi güýçleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin gibrid iş düzgünini ösdürer. NFT. Soňky wagtlarda peýda bolan bu adalga (onfungible token) esasan sungat we güýmenje pudagyny gyzyklandyrýar. Bu adalga sanly sungat eserleri, domen atlary we IP salgysy ýaly fiziki bolmadyk zatlary aňladýar. Haýsydyr bir fiziki gymmatlykdan tapawutlylykda onuň başga nusgasy bolmaýar. Batareýa. Indi awtoulaglar, samokatlar, welosipedler, telefonlar, hatda uçarlar hem batareýa bilen işleýär. Bu bolsa has uzak wagt ulanmaga mümkinçilik berýän batareýalaryň kämilleşdirilmegine zerurlygy artdyrar. Kerim MUHAMMEDOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.