«Sonos» kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-nyň 359,5 million dollary möçberinde girdeji aldy. Bilermenleri bu çärýekde kompaniýanyň girdejisiniň ABŞ-nyň 360 million dollary möçberinde bolmagyny çaklaýardylar. Bu görkezijiniň geljek maliýe ýylynda ABŞ-nyň 2 milliard dollary möçberinde bolmagyna garaşylýar.
Ýakynda kompaniýa ABŞ-nyň 150 million dollaryna barabar paýnamasyny yzyna satyn almak barada maksatnamasyny hem yglan etdi. Maglumat üçin, kompaniýa dürli görnüşli kuwwatlandyryjylary we elektrotehnikalary öndürýär.