Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk

22 Noýabr 2021
1756

Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararlarynyň esasynda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyny, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti we sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin ädilen aýgytly ädimleriň biri boldy. Sanly bilim ulgamynda halkara tejribelerini öwrenmek, olary durmuşa ornaşdyrmak hem wajypdyr. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän adyl syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçişini üpjün edýän innowasion toplumy kemala getirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýalar we internet ulgamy arkaly amala aşyrylýan amallaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri hem örän wajypdyr.

Kiberhowpsuzlyga käwagt kompýuter howpsuzlygy hem diýýärler. Internetiň ösen döwründe her birimiz öz durmuşymyzy ýeňilleşdirýän dürli tehnologiýalardan peýdalanmaly bolýarys. Şeýle ýagdaýlarda biziň kiber hüjümiň pidasy bolmagymyz gaty ähtimaldyr. Kiber hüjümleriň netijesinde ulanyjylaryň şahsy durmuşyna degişli syrlaryň, kart we töleg ulgamlarynyň kodlarynyň, telekeçilik we önümçilik syrlarynyň aýan bolmak howplary ýüze çykýar.

Kerim SAPAROW,
Darganata etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.