Akyl-paýhas, ylym-bilim — her bir ýurduň öňegidişliginiň we kuwwatynyň iň esasy çeşmesi. XXI asyr, sözüň hakyky manysynda, ylym asyry hökmünde badalga aldy. Ylym-bilim ulgamy jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu gün ylym--bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk etdirilýär. Öň agyr hasaplanylýan hünärler bu gün düýpgöter ýeňilleşýär. Ykdysadyýet, tehnika, dolandyryş, umumy durmuş bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Öňki oba hojalyk ýurtlary senagatlaşýan döwletlere öwrülýärler, senagat taýdan ösen döwletler bolsa sanly ykdysadyýete geçýärler. Sanly ykdysadyýet — bu senagat önümçiligini we hojalygyň beýleki pudaklaryny programma üpjünçiligi arkaly dolandyrmakdyr. Bu önümçilikde we täjirçilikde, ylymda we gündelik durmuşda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmakdyr.
Sanly tehnologiýalar ölçemegiň çakdanaşa takyk usullaryny ulanmak arkaly senagat önümçiligini çaltlandyrýarlar. Iňňän gysga möhletlerde ýokary hilli önümleri has köp öndürip, senagatçylar bu önümleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik alýarlar, netijede, olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar.