Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny sanlylaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Sanly ulgama üstünlikli geçmek üçin ýurtda ygtybarly hukuk we maddy-enjamlaýyn binýat we zerur şertler döredildi. Döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak hem-de umumy sanly gurşawy döretmek boýunça işler has-da çaltlandyryldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny yzygiderli we maksada okgunly kämilleşdirmek hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak işleri hem ýokary derejelere eýe bolýar.
Şeýle giň gerimli sanly ulgama geçmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmäge ukyply nesliň kemala getirilmegini talap edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm işler amala aşyryldy. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin uzak aralykdan hünär bilimini bermek usullaryndan peýdalanylýar. Sanly bilim portalyny döretmekde, ylaýta-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri işjeňlik görkezýärler.