Sanly ulgam ösdürilýär

28 Oktýabr 2021
2101

Türkmen halkymyzda nesilleriň sowatly bolup ýetişmegi baş alada saýylýar. Her bir maşgalada ogul-gyzlaryň akyl-paýhasyny taplamakda, ýokary adamkärçilik häsiýetlerini kemala getirmekde terbiýe bilen bir hatarda bilime uly orun degişli edilýär. Türkmençilikde perzendiniň zehin baýlygyna, ýagşy göreldesine, haýyrly işiniň üstünligine guwanmak ata-enäniň bahasyna ýetip bolmajak arzuwy. «Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär» diýen atalar sözünden hem belli bolşy ýaly, öwrenmäge we öwretmäge yhlasly çemeleşip, şägirtlikden halypalyk hem-de ussatlyk derejesine ýetmelidigi sargyt edilýär.

Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi şahsyýetiň aň-düşünjesiniň ösmegini we jemgyýetçilik durmuşyna, döredijilige we işjeňlige çalt ugrukmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, milli bilim ulgamy dünýä ölçeglerine laýyk derejä getirilýär. Ýaş nesle ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň ösüşlere nazarlamagynyň ygtybarly güýji hökmünde garalýar. Bilime bolan hukuklaryň we mümkinçilikleriň giňeldilmegi bilen, berkarar ýurdumyzyň berk binýady boljak nesliň kemala gelmegi kepillendirilýär. Ýaşlaryň ökde hünärmenler bolup, döwlet-jemgyýetçilik gurluşynyň oňyn özgertmelerine işjeň gatnaşmaklary üçin giň ýollar açylýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.