Şu ýylyň noýabryndan başlap «McDonald’s» kompaniýasy «Beyond Meat» bilen hyzmatdaşlykda ABŞ-nyň 8 restoranynda synag hökmünde ösümlik etiniň esasynda döredilen «McPlant» burgerini satyp başlar. Burgeriň içinde nohut, tüwi, ýer almasy, şugundyr we bir bölek peýnir bolar. «McDonald’s»-yň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, emeli etden edilen burgerleriň satlyga çykarylmagynyň netijesi kompaniýanyň söwdalarynyň ösüşine uly ýardam berer.
Bu habardan soň «McDonald’s» kompaniýasynyň paýnamalary 0,78% gymmatlap, ABŞ-nyň 244,55 dollaryna barabar boldy.