«Interbrand» brending korporasiýasynyň 2021-nji ýyl boýunça barlag işleriniň jemlerine laýyklykda «Apple» brendi bassyr dokuz ýyl bäri dünýäniň iň gymmatly brendi bolmagynda galýar. Şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda onuň bahasy 26% gymmatlap, ABŞ-nyň 408,25 milliard dollaryndan geçdi. Ikinji ýeri «Amazon» brendi eýeledi. Onuň bahasy 24% ýokarlandy (ABŞ-nyň 249,25 milliard dollary). Ilkinji üçlügi bolsa 27% ösüşe eýe bolan (210,2 milliard ABŞ dollary) «Microsoft» kompaniýasy jemledi. «Google» kompaniýasy bolsa 19% (ABŞ-nyň 196,8 milliard dollary) ýokarlanyp, dördünji orunda ornaşdy.