Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda «2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Biziň mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler ýerine ýetirilýär. Şol işleriň hatarynda mekdebimize degişli bolan resmi web-saýtyň döredilmegini belläp bolar. Bu resmi web-saýtyň kömegi bilen mugallymlar, bilim alýan talyp ýaşlarymyz özlerine gerek bolan kitapdyr gollanmalardan, ylmy we publisistik makalalardan peýdalanýarlar.