Sanly ulgam — ykdysady ösüşleriň şuglasy

17 Oktýabr 2021
1748

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şonuň üçin häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, ösüşiň çäksiz mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge hem-de torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge giň şert döredýän tehnologiýalara «Sanly ulgam» diýilýär. Sanly ulgam giňişligi bilim bermegiň, maglumatlaryň mazmunlarynyň hem-de okatmagyň, üznüksiz hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň netijeleriniň ýokary bolmagy üçin döredilýän we ulanylýan lokal hem-de global kompýuter torlarynyň kommunikasion mümkinçilikleriniň jemidir. Eziz Diýarymyzda ähli pudaklarda we ulgamlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri giň gerime eýe boldy. Hormatly

Patyşaguly GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.