140 jaý — baýramçylyk sowgady

26 Maý 2021
935

Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli 25-nji maýda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna badalga berip, milli Liderimiz egindeşleri bilen Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda bina edilen 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriçi ugurlar boýunça hereket edýän täze awtobuslaryň köp sanlysy halkymyzyň hyzmatyna berildi. Döwlet Baştutanymyz hem täze awtobusda ýolugra bu ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginiň tebigy aýratynlyklaryny synlady.

"Nesil".