Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!

25 Maý 2021
1064

Ylhamlar şäheri gözel Aşgabat! Seni söýgüläp-taryplan dilleriň senasyny diňleýän. Olaryň buýsançly owazy ýürek tarlaryna şeýle bir hoş ýakýar. Arka atan 140 ýylyň içinde bolan wakalar barada oýlanýan. Ganatly ylhama atlanan kalbym gadymy rowaýatlaryň güzerine gonýar...

Aýdyşlaryna görä, gadym döwürde Nusaý patyşasynyň ogly Änew hanyň perizat ýaly owadan, asylzada gyzyna aşyk bolanmyş. Magşuk gyz göwün söýen ýaryna gowuşmagy arzuw edipmiş. Emma Arşdan ýaňlanan owaz ýowuz çykyp, aşyk-magşugy ajy aýralyga sezewar edipdir. Ýaşlar gaçmagy ýüregine düwüpdirler. Uç-gyraksyz çölüň gyzgyn çägeli aňňatlary aşyk-magşugyň nalasyna eýermändir. Gözýetimde ikiýan at çapýan oýunçy salgymlar olara gol bulap, halys ysgyndan gaçyrypdyr. Birdenem, ho-ol aňyrda göm-gök baýyrlar görnüpdir. Suwsuzlykdan ýaňa agzy gurap, dodaklary jaýryk-jaýryk bolan aşyklar şol ýana ylgapdyrlar. Süýr günortanlar olar bir şatuduň saýasynda lummurdap akýan çeşmäniň başyna özüni atypdyrlar. Ýöne haýp, teşneligini gandyrmak üçin buz ýaly suwa eňegini basan badyna suw topraga siňip, köne güzer gurap galanmyş. Aşyklar başyny galdyrsa welin, dag çeşmesi ýene bal ýaly süýji suwdan dolup akýar diýýär. Halys mejaldan gaçan aşyklar ykbalyň bu ýeser oýnundan ejizdigini boýun alanmyş. Ahyry, perisypat gyz armanly gözüni ýumanmyş. Emma onuň hüýrmelek husnuna hatda ajal perişdesiniň özem dözmändir, tersine, oňa aşyk bolanmyş. Şolbada topragyň göwsünden dury çeşme akyp başlapdyr. Çyn gözelligiň, päk söýginiň, çäksiz wepadarlygyň suwundan ganan adamlara älem syrlary, bagtyň tylla bosagasy açylanmyş. Bagtyýar iliň guran owadan şäheri «Yşk abat» diýlip atlandyrylypdyr...

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy.