21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.