Döwlet berkararlygynyň dabaralanmasy

19 Maý 2021
841

Öňňin Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Döwletliligimiziň mukaddes nyşanlarynyň şanyna guralan dabaralar türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň hem-de parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň beýanyna öwrüldi.

18-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.

«Watan».