Ak şäherimiz Aşgabadyň waspnamasy

17 Maý 2021
921

15-nji maýda Aşgabat şäherindäki «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň guramagynda milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň «Mekan» köşgüne welosipedli gelmegi şu günlerde geçirilýän giň möçberli ekologiýa çäresiniň ählihalk goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Bu ýerde neşir işleriniň sergisi guralyp, onda döwlet Baştutanymyzyň eserlerine giň orun berildi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan eserler giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň waspnamasy bolan täze kitap hem okyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, paýtagtymyzyň dürli ýyllardaky keşbini görkezýän suratlaryň sergilenmegi-de bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

"Nesil".