Goşa mukaddeslik

17 Maý 2021
911

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini Esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl Tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär. Munuň özi Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde — baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär, özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ençeme medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň gurulmagy netijesinde, Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheri-de juwan keşbe eýe boldy. Güllerdir mydama gök öwsüp oturan baglar bilen jäheklenen owadan köçeleri we döwrebap binalary bilen buýsanjyňy artdyrýan bu şäheriň islendik künjünden howalanyp görünýän beýik sütünli Baş Baýdak meýdançasynda belentden parlaýan ýaşyl Tugumyza nazaryň düşende bolsa, buýsançly duýgular has-da joş urýar. Çünki mukaddes Tugumyz geçmişimiziň şanlydygynyň, Gahryman Arkadagly döwrümiziň şöhratlydygynyň, geljegimiziň nuranadygynyň kepili bolup, al-asmanda parlaýar. Şeýle-de mukaddes türkmen topragynyň adaja öwüsýän sergin şemalyna birenaýy pasyrdap, hoş owaz edýän Döwlet baýdagymyzy synlan islendik adam zähmetsöýer halkymyzyň mizemez agzybirligine, jebisligine, watanperwerligine aýdyňlygy bilen göz ýetirip biler.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.