Möhüm çözgütler halkyň bähbidine

17 Maý 2021
774

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş sapary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlaryny diňledi. Hasabatlarda halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda we sebitlerde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hem-de döwlet maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Hususan-da, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy desgasyny gurmak, azyk ulgamynyň üpjünçiligini berkitmek we bugdaý oragyna taýýarlyk görmek, obasenagat pudagynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň hünärmenleri üçin ýokary amatlyklary bolan we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary, ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan kompýuterleri satyn almak hem-de ýurdumyzyň eksport harytlaryny öndürijilerine goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan».