Bagtyýarlygyň binýady

17 Maý 2021
1077

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, adamzat paýhasynyň ösüş ýolunda ädilen möhüm ädimdir. Konstitusiýa döwletiň Esasy Kanuny bolup, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan tapawutlylykda, ýokary hukuk güýjüne eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň iň kämil derejesidir, raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, işlemegini, bilim almagyny, rahat ýaşaýşyny kepillendirýän iň ýokary hukuk namasydyr.

Soltanmyrat ÝAZMYRADOW,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.