Resmi habarlar

17 Maý 2021
770

Ýurdumyzda eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän hususy kärhanalary we telekeçileri höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak, harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem eksport edijilere goldaw bermek arkaly eksportyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän hem-de gümrük paçlary bellenýän harytlaryň sanawyny we gümrük paçlarynyň möçberlerini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 9925-nji Kararynyň 2-nji, 3-nji we 4-nji goşundylaryndaky sanawlara girizilmedik, ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň — hususy telekeçileriň we fiziki şahslaryň el goşundan başga, Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidýän harytlary üçin, şeýle harytlaryň gümrük bahasynyň ýüzden 2 bölegi möçberde bellenen gümrük pajyny 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrmak bellenildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň we ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň — hususy telekeçileriň öz öndüren harytlaryny we önümlerini, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslardan we ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslardan — hususy telekeçilerden, ilatdan satyn alan harytlaryny (çig malyny) eksport etmegi bilen bagly şertnamalar eksport edijiniň islegine görä, birža söwdalaryna gatnaşyp ýa-da gatnaşmazdan baglaşylyp bilner.

(TDH).