Telefon arkaly söhbetdeşlikler

14 Maý 2021
858

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Gürrüňdeşligiň dowamynda rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

(Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy).