Döwlet özygtyýarlygynyň nyşanlary

14 Maý 2021
921

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde toýlanmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän hem-de halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüji, ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny bu günki gün dünýä ykrar edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy goşa mukaddeslik bolup durýar. Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi özünde jemläp, umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigini bolsa Döwlet baýdagymyzda haly gölleriniň we bitewüligi hem-de agzybirligi aňladýan bäş ýyldyz we ýarym Aýyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi hem aýan edýär. Şeýlelikde, Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyz, özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary bolup durýar.

Ahmet NEPESOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary.