Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ilatyň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek döwletiň we jemgyýetiň jana-jan bähbididir

12 Maý 2021
786

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Irden milli Liderimiz Aşgabadyň günorta bölegine tarap ugrady. Şol ýerde, Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň işewür we medeni merkezi kemala gelýär, şeýle hem halkara derejedäki döwrebap lukmançylyk desgalarynyň toplumy ýerleşýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş. Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň giň, owadan ýollaryndan geçýän ugur boýunça ýola düşdi.