Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10 Maý 2021
843

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K. Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.