Türkmen halky asyrlaryň dowamynda özboluşly ajaýyp medeniýetini we onuň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasyny saklap hem-de ösdürip gelipdir. Bu bolsa biziň dünýä ýaýmaga mynasyp mirasymyzyň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden baý medeni mirasynyň nesilden-nesle geçip, şu günlerimize ýetendiginiň, milli mirasymyzy, ýörelgelerimizi, edim-gylymlarymyzy, däp-dessurlarymyzy sarpalamagyň özboluşly beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, agzybirlik ýagşy amallary hasyl etmegiň hatyrasyna jebisleşmegi aňladýar. «Arzuwsyz adam bolmaýar, ganatsyz guş!» diýilýär. Arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bolsa, ilki bilen agzybirlik gerekdir. Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr. Agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlylygymyzdyr. Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir.