«Kök bolmasa daragt ýok», «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýýän halkymyzda ýaşaýyş üçin milli mirasyň, ruhy hem maddy gymmatlyklaryň zerurdygyna göz ýetirýärsiň. Şol pursat milli gymmatlygymyz bolan türkmeniň ajaýyp halysy baradaky söhbede aralaşýarsyň. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halylar, göýäki Arşyň nepisligidir. Halylar — päk arzuwlaryň kitaby. Halyçylyk sungaty ýiti zehini, irginsiz zähmeti, ezber elliligi talap edýän sungat bolup, halkymyzyň baý geçmişini özünde saklaýar. Şonuň üçin hem hala halkymyzyň gadymy hem müdimi sungaty hökmünde garalýar. Bu ajaýyp sungatda türkmen zenanynyň nusgalyk häsiýetleri, edim-gylymlary öz beýanyny tapýar.
Türkmen halysy her bir öýüň bezegi. Bu gözelligi synlanyňda, halkymyzyň gadymy medeniýetine, gelin-gyzlarymyzyň çeper elliligine bolan buýsanjyň artýar.