Poe­zi­ýa­nyň yş­ky şa­hy­ry

15 Aprel 2021
2005

Ýaşlykdan söýgi hakynda söhbet açýan çeper eserleri okamagy gowy göremsoň, goşgy okanymda hem olaryň arasyndan söýginiň waspyny ýetirýän goşgulary gözlärdimem, tapardymam, okardymam. Söýgi hakda bolsa ýazmadyk şahyr ýok. Aslynda şahyry şahyr edýänem söýgi bolmaly. Goý, ol kyssaçy bolsun ýa-da asla şahyr däl bolsun, tapawudy ýok, onuň hökman söýgi hakda goşgusy bardyr. Ol türkmeniň şahandaz, şahyrana halkdygyny görkezýär.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew bolsa söýginiň waspyny ýetirende onuň galamyndan çykan sözler ylahydan inene ogşaýyr. Türkmeniň «Bir kemsiz gözel bolmaz» diýeni Atamyradyň söýgi hakdaky goşgularyna degişli däldir. Sen hernäçe ussat hem bolsaň, onuň bina galdyrylanda goýulýan kerpiçler ýaly edip goýan sözlerini başga bir sözler bilen asla çalşyp bilmersiň. Jaý galdyrýan ussanyň kerpiçleri saýlap-saýlap alşy ýaly, şahyryň hem sözleriň «daşyny» ýylmaýşyna, sözleri baglaýjylar bilen bir-birine berk baglaýşyna akylyňy haýran edip oturmaly. Sözler bir-biri bilen jebisleşip, goşgy setirlerini emele getirenlerinde bolsa, olary ylahydan kalbyňa ýetişen sözler ýaly öz ýanyňdan gaýta-gaýta gaýtalap okanyňy duýman galýarsyň, sebäp olaryň aňladýan manylary seniň söýgi damarlaryňy gyjyklap goýberýär-de, ýüregiňe melhem bolup aralaşýar, onuň berýän şypasyny on iki süňňüň bilen syzýarsyň!

Ak­mu­ham­met Hemidow,
ýazyjy.