Gök sapak dakmak däbi

14 Aprel 2021
1453

Baharyň ilkinji günlerinde, halk arasynda aýdylyşy ýaly,  «garlawaç gelmänkä» çagalykda her bir gyzjagazyň durmuşyna täze röwüş berýän gulakhalka dakmak däbi ýadyma düşýär. Öňler bu däp bilen her obada ýörite meşgullanýan zenanlaryň bolandygy barada enem şeýle gürrüň berýär:

— Çagalykda her syrgyndan gulagyna iňňebagjyk ötürjek 5 — 10 ýaş aralygyndaky gyzjagazlar topar-topar bolup gaýraky hatarda oturýan Täçbibi daýzanyňka barardylar. Ýogyn saç örümlerini iki gulagynyň öňünden towlap alyp arka atan, gyzyl oramakly Täçbibi daýza özüne howatyrly hem bilesigelijilikli garaýan mönje gözli gyzjagazlary mylaýym sözleri bilen köşeşdirerdi. Ol gyzjagazlaryň gulagynyň ýuka ýerini şerebeli suwda mazaly owkalardy. Soňra temeni derde derman düýe ýüňünden işilen sapak bilen sapaklap, ýaga batyryp, gulaga ötürerdi. Bu däp ýerine ýetirilende:

Gülzada ARAZGELDIÝEWA,
talyp.