Çopanlar Hydyr gezen Gyzylgum we Garagum sähralarynyň, Köýtendagyň öri meýdanlarynyň ösümlik örtügini, her möwsümiň howa şertlerini, wagtal-wagtal turýan ýelleri, asman ýyldyzlaryny örän oňat bilipdirler we dowardarçylykda giňden peýdalanypdyrlar. Giň sonarly öri meýdanlarynda goýun-geçileri bakmak we suwa ýakmak bilen baglanyşykly milli däp-dessurlary döredipdirler. Ýerlerde döredijilik saparlarynda bolanymyzda, bütin ömründe mal yzynda gezen çopanlardan çarwa durmuşy bilen baglanyşykly ýazyp alan maglumatlarymyzy size ýetirmegi makul bildik.
Çopançylykda goýnuň çep gulagyny «tutargulak» diýip atlandyrýarlar. Goýnuň çep gulagyndan tutulanda, çopanyň ýa-da çolugyň sag eline amatly bolýar. Goýnuň sag gulagyna bolsa «gaýtargulak» diýilýär. Çünki türkmen çopanlarynyň iş tejribesinde dowar sürüsi sagyndan gaýtarylýar.