Türkmenler myhmansöýerligi, sypaýylygy, açyk göwünliligi bilen beýleki halklaryň wekillerinde gowy duýgulary döredipdirler. Orta asyrdaky taryhy çeşmelere ser salsak, halkymyzyň myhmansöýerlik häsiýetleri açylyp görkezilýär. Iki gezek hyrka geýen Mäne babanyň kitaplarynda hem myhmansöýerlik barada gyzykly rowaýatlar we nesihatlar az däl.
Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda myhmansöýerlik däplerini päk saklamalydygyny nygtaýar. Akyldar şahyrymyz: