Mahmyt Kaşgarly «Türki dilleriň sözlüginiň diwany» atly eserinde «tutmaç» tagamynyň türkmenleriň meşhur naharynyň adydygy barada belleýär.
Dilçi alym eserinde «tutmajyň» peýdaly aýratynlyklaryny hem beýan edipdir: «Ol bedeni kuwwatlandyrýar, ýüze gyzyllyk berýär. Tutmaç iýlenden soň, suwy hem içilýär. Tutmaç sözüniň manysy: «Özüňi ajykdyrma, şunuň ýaly nahar iý!» diýmekligi aňladýar».