Paryzdepe

13 Aprel 2021
1585

Gahryman Arkadagymyz ýakynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň özeniniň şan-şöhratly geçmişimiz, eziz Watanymyzyň beýik taryhy, milletimiziň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklary bilen berk baglydygyna üns çekip, onuň bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ylmy esasda içgin öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, köpmüňýyllyk taryhly Oguz nesilleriniň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklarynyň esasy bölegi arheologiýa ýadygärlikleriň goýnundan ýüze çykarylýar. Şeýle maglumata baý ýadygärlikleriň biri-de Paryzdepedir.

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda Paryzdepäniň taryhy we onuň Beýik Ýüpek ýolunyň urgunda tutýan orny barada şeýle belleýär: «Nusaýdan günbatarlygyna gidýän Beýik Ýüpek ýoly Nusaý welaýatynyň düzümine girýän birnäçe obadyr şäherleriň üstünden geçipdir. Orta asyr alymlarynyň işlerinde olar hakdaky maglumatlar bar. Şolaryň biri Täze Nusaýdan 10 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Paryzdepe ýadygärligidir. Arheologlaryň maglumatlaryna görä, bu şäher biziň eramyzdan öňki V müňýyllykda döräpdir hem-de giçki orta asyrlara çenli özüniň ösüşini dowam edipdir. Ýadygärlik heniz doly öwrenilmedik, ýöne ylmy seljerijiler bu ýeriň gülläp ösüşiniň taryhymyzda giňden belli bolan iki sany iri döwlet gurluşy — Parfiýa şalygynyň, şeýle-de Beýik Seljuk türkmenleriniň baştutanlygyndaky oguz-türkmen döwletiniň şöhratly ösüşleri bilen aýrylmaz bagly bolandygy hakyndaky netijä gelýärler».

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni.