Şöhratly taryhymyza sarpa

13 Aprel 2021
1388

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, milletiň taryhy-medeni baýlygyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň möhüm ugruny düzýär» diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz baý milli mirasymyzy öwrenmegiň, ýaýmagyň we wagyz etmegiň möhümdigini aýratyn belleýär.

Döwlet Baştutanymyz 9-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hem şonuň bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi ekmegi, hususan-da, halkymyzyň gadymy taryhy, türkmen halkynyň döreýşi we onuň dünýä medeniýetine, döwlet dolandyryş tejribesine goşan goşandy, Oguzhan döwrüniň taryhynyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleriň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda öwrenilmelidigi, halkymyzyň nusgalyk ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmeginiň zerurdygy barada aýtmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. Şonuň bilen baglanyşykly, biz — kitaphana işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyryljak ýylynda okyjylar bilen geçirilýän duşuşyklarda we çärelerde halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan taryhy, eziz Diýarymyzyň çägindäki medeni-taryhy ýadygärlikleri barada baý many-mazmunly gürrüň ederis hem-de bu ugurdaky tagallalara mynasyp goşandymyzy goşarys. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher galamyndan çykan gymmatly eserleri bolsa, bu işde baş gollanmamyz bolar.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.