Milli buýsanjymyz

12 Aprel 2021
1441

Türkmen alabaýynyň täsinligi

Bize ähli ulgamda nusgalyk görelde, halypa bolup duran Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna serpaý beren, paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri biziň ýankitabymyza öwrüldi. Ol gymmatly kitaplar döwrümiziň dürli kärlerde zähmet çekýän islendik ýaşly raýaty üçin hem ruhy gollanma bolup durýar. Şeýle gymmatly hem täsirli eserleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabydyr. Bu kitapda, adyndan belli boluşy ýaly, türkmen halkymyzyň gadymyýetden bäri milli gymmatlyklarynyň biri bolan, türkmen alabaý itleri dogrusynda giňişleýin taryhy maglumatlar beýan edilýär. Bu gymmatly eserde taryhyň gatyndan heňňam arkalan türkmen alabaýlaryna dürli döwürlerde, dürli halklaryň, dünýäniň jahankeşdeleriniň, nazarkerde synçylarynyň her hili atlary berendigini, şol atlara-da türkmen alabaýlarynyň mynasypdygyny görkezýän ajaýyp suratlar ýerleşdirilipdir.