Halkymyzyň bagtyýar durmuşy şatlykly wakalara beslenýär. Şeýle guwandyryjy wakalaryň biri-de bedew atlarymyz bilen bagly halkymyza gowşan habardyr, ýagny geçen aýyň ahyrynda gözellikde we ýyndamlykda meşhur bolan Akhanyň hem-de Lälegyzyň taýynyň dünýä inendigi baradaky hoş habar buşlandy. Hormatly Prezidentimiz bu taýa Aşgabat diýip at goýdy. Munuň özi, ak mermerli gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk şanly senesini has-da dabaralandyrýan pursatlaryň birine öwrüldi.
Türkmen halkynyň uçar ganatyna deňelýän bedewlerimiz milli buýsanjymyzdyr. Ahalteke bedewi diýlende, ilki bilen, halkymyzyň milli watançylygy göz öňüňde janlanýar. Çünki bedew atlara «goç ýigidiň myrady» diýilýär. Türkmen halkynyň milli mirasynda hem halk döredijiliginde bedew atlarymyz barada taryhy we edebi maglumatlar jemlenýär. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanynda Göroglynyň Gyraty bilen bagly wakalardyr pursatlar geçmişde halkymyzyň bedew ata uly üns berendigini aýdyň görkezýär.