«Meniň dilim, seniň eliň hünäri, Nusga bolup galsyn, ilden-illere» diýip, Kemine şahyryň aýdyşy ýaly, ene-mamalarymyzyň el işleri nesilden-nesle geçip, indi ençeme asyrlardan bäri dowam etdirilýär. Gözelligiň gözbaşyna öwrülen türkmen ketenisi hem şeýle nepis sungatyň biridir. Bir gyrasyna atyp gelýän daňyň altyn reňkleri berlen, bir ýanyna bolsa ýaşyp gelýän şapagyň altynsow reňki çaýylan, ikisiniň arasy öwüşgin atyp duran ajaýyp dünýäni özünde jemleýän türkmen ketenisi gelin-gyzlaryň çeper elleriniň hünäridir. Gelin-gyzlar mähribanlygy, paýhaslylygy, eli çeperligi bilen ynsan dünýäsini bezeýärler. Olaryň çeper elleriniň döredýän işleri göreniň gözüni gamaşdyrýar. Gözüň ýagyny iýip barýan türkmen haly-palasy, ketenisi köpleri haýran galdyrýar.
Keteni dokamak diňe türkmen gelin-gyzlarynda duş gelýän ajaýyp sungatdyr. Arassa ýüpekden dokalýan ketenileri türkmen gyzlary durmuşa çykanlarynda, toý-baýramlarda dürli nagyşlar we şaý-sepler bilen bezäp geýýärler. Munuň özi ajaýyp gözelligi emele getirýär. Şeýle hem ajaýyp ketenileriň gözelligi toýlara, baýramlara bezeg berýär.