Gadymy bedewler

11 Aprel 2021
1686

1. Ahalteke aty

Ahalteke arassa ganly tohum aty dünýädäki ähli tohum atlarynyň iň gadymkysy bolmak bilen, türkmenler tarapyndan bäş müň ýyl mundan ozal Türkmenistanyň dagetek ýaýlalarynda döredilipdir. Onuň türkmen halky bilen deňeçer taryhy bardyr. Gadymy grekler olary «massaget», «nusaý», «parfiýan» atlary diýip atlandyrsa, hytaýlylar «asman atlary», «ýel atlary», arap, pars edebiýatynda «huttal, haýtal (abdal) atlary» diýip atlandyrypdyrlar. Ahalteke atlarynyň gatnaşdyrylmagynda Beýik Britaniýada iňlis atlary, Germaniýada trakenen atlary, Azerbaýjanda garabag atlary we beýleki tohum atlar döredilipdir. Professor W.O.Witt «Ahalteke tohum atlary bütin dünýäniň medeni atçylygyny döretmekde uly ähmiýete eýe bolan, sap arassa ganly tohum atlaryň nesil çeşmesiniň soňky damjasydyr» diýip belleýär.

Taýýarlan Nowruzälem GURDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.