Türkmen mirasynyň aýnasy

1 Aprel 2021
1453

«Maasir-i Rahimi» («Rahimi barada ýatlamalar») atly eser XVII asyryň başlarynda Molla abd ul-Bagi Nahawendi tarapyndan resale (ýatlama) görnüşinde ýazylypdyr. Eseriň ady Baýram hanyň (1497 — 1561) ogly Abdyrahymyň (1556 — 1628) edebi lakamy bolan Rahimi bilen baglanyşyklydyr. Kitabyň ilkinji nusgasy Kalkutta şäheriniň kollejiniň mugallymy Muhammet Hudaýat Hasan tarapyndan ýygnalyp, rejeleýiş işleri geçirilenden soň, 1909-njy ýylda çap edilýär. 1924-nji ýylda bolsa üsti ýetirilen nusgada neşir edilýär. Soňra bu kitaby günbatar alymlary iňlis, fransuz we nemes dillerine terjime edýärler. Ol barada eýranly alym Abdalhasan Nowýynyň «Aýneýe miras» (Mirasyň aýnasy) atly žurnalynda (Tähran 1981ý. №4) ylmy makalasynda beýan edilýär. Orta asyr alymy Nahawendiniň «Maasir-i Rahimi» atly eseri üç jiltden ybarat bolup, onuň birinji jildinde-de Hindistanyň taryhyna degişli maglumatlar getirilýär. Ikinji jildinde Garagoýunly türkmen döwletiniň taryhy we şol sanda Abdyrahymyň maşgalasy barada maglumatlar berilýär. Eseriň üçünji jildinde Abdyrahym han hananyň Hindistandaky Mogol imperiýasynda gulluk eden ýyllary beýan edilýär.

Birinji jildinde Hindistanyň taryhy Eýranyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykda görkezilýär. Olaryň otparazçylyk dinine ynançlary, däp-dessurlarynyň ýakynlygy beýan edilýär. VII asyryň ortalarynda araplar Eýrany (Sasany döwletini) tabyn edenden soň, parslaryň aglabasy Hindistanyň Güjerat welaýatyna göçýärler. Şol ýerde olar ýerli hindi rajanyň şertlerini kabul edip, Bombeý (Mumbaý) şäherinde mekan tutýarlar. Hindi rajasy olaryň öňünde gelen bosgunlaryň güjerat dilini bilmegini, pars gelin-gyzlarynyň hindileriň milli egin-eşiklerini (sari) geýmegini, erkek kişileriň bolsa ýarag götermezligini şert edip goýupdyr.

Serdar ATAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty.