Asly bar bedewiň, asly bar, asly!

1 Aprel 2021
1795

Ýaşyl ýaýrawly ýaýlalarymyzyň asyl görki, zeminiň iň saýlama ylahy, behişdi jandary ganatly bedewler bu gün Watanymyzyň ýüzüniň tuwagydyr, halkymyzyň ýüreginiň buýsanjydyr. Ulgam-ulgam ýollarda, dagy-düz, çöl-beýewanda eýesini paýy-pyýada goýman, her pursatda oňa ýoldaş bolan, göwün myradyna öwrülen bedewler türkmen durmuşynda, däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde we edebiýatynda aýratyn orny eýeleýär. Taryhyň alyslyklaryna ser salanymyzda, dünýäniň çar künjüne ýaýran, at salan türkmen halky, bedew atynyň üstünde ençe döwletleri gurdy. Nijeme ülkelere jahangirlik etdi. Nesilbaşymyz Oguzhan döwründen bize miras galan «Oguznamada» «Saňa at diýmerin gardaş diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada» diýen jümleleriň üsti bilen inçe aýakly, serwi kamatly syrdaşynyň dogandan hem ezizdigini mälim edýär. Bu bolsa «Türkmen eýerde doglandyr» diýen aýtgynyň ýöne ýerden döremändigine şaýatlyk edýär. Altaý daglaryndaky gadymy Pazyryk depelerinde saklanyp galan çapuw atynyň mazaryny öwrenen birnäçe atşynaslar nesillerine belli bolan görnükli alym, atlaryň janköýeri W. Witt gürrüň edilýän atyň örän gadymydygyny, Assiriýanyň, Müsüriň we Elladanyň beýik ussatlarynyň eserlerinde şekillendirilen Orta Aziýanyň söweşjeň atlarynyň neslindendigini belleýär. Taryh sahypalarynda ýagty geljege tarap okgunlylygy beýan edýän bedewlerimiz azatlygyň we garaşsyzlygyň nyşany, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary jebisleşdiriji, gadymy ýollary ýakynlaşdyrýan güýç hökmünde şöhratlanypdyr. Pederlerden baky miras galan asly nurly bedewlerimiz halkymyzyň göwün buýsanjy bolandan bolsa gerek, Döwlet tugramyzyň merkezinde hem şekillendirilendir. Bu bir tarapdan milli hem köp asyrlyk mirasymyzyň, ady dünýä dolan gymmatlygymyzyň galkynmasy, bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň aýdyň geljege, nurly ertirlere, beýik ösüşlere tarap ynamly gadamlarynyň howalasydyr.

Gahryman Arkadagymyz edebiýat meýdanynda hem bedewlerimiziň çeper keşbini, misli ynsan kimin üşügini inçeden beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz «Döwlet guşy» romanynda bedew atyň wepalylygyny, eýesine baglylygyny, Watan goragyna ýola çykan Berdimuhamet aganyň Dagarmanynyň mysalynda açyp görkezýär. Dagarman darkaşly ýola rowana bolan eýesine gussaly bakyp galýar. Bu agyr ýyllarda Mälikgulynyň Dagarman bilen gatnaşyklary hem pederden miras galan bedewe bolan söýgi, hormat we ezizlik bilen utgaşýar. Bedew atlara bolan söýginiň Mälikgula kakasyndan geçendigini Dagarmanyň her bir pursatda Mälikgulydan üzňe bolman giden mähelläniň içinden aýratyn onuň ýanyna ymtylyşyndan duýmak bolýar. Ýolda ýoldaşy, ýalňyzlykda syrdaşy bolan bedew ata bolan sarpa, ony idetmekdäki ata-baba tejribe Gahryman Arkadagymyzyň dowamat-dowam peder ýörelgesidir. Kämil seýişçilik ýörelgesi bu gün türkmen ahalteke atlarynyň şöhratyny dünýä ýaýýan bedewleri ýetişdirmekde, seýislemekde täzeçe röwşe eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne seýisçilik eseri, owadan görki we kämil üşügi bilen dünýäde aýratyn tapawutlanýan, hatda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Akhan halkymyzyň dünýä atçylyk sungatynyň ösüşine aýratyn goşantdyr. Abraýy arşa galan ahalteke bedewleriniň arassa ganly neslini ýetişdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň şahsy çemeleşmesi we belent başlangyçlarynyň netijesinde, şany dünýä dolan türkmen bedewiniň dowamaty dowam bolýar. Ýaňy-ýakynda bolsa, külli halkymyzyň şatlygyny goşalandyran wakalaryň biri, Gahryman Arkadagymyzyň seýislän Akhan atynyň täze taýçanagy dünýä indi. Enesi Lälegyzyň owadanlygy, inçeden hoşroý syraty, atasy Akhanyň gelşigi we çalasynlygy, gözelligi siňen taýçanaga, hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat diýip at goýdy. Bu waka hem taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylar. Dabarasy dag aşan Akhanyň taý aty Aşgabadyň hem türkmen atlarynyň belent derejesine dünýä ýaýjak bedewleriň biri boljakdygy mese-mälimdir. Sebäbi Akhany Gahryman Arkadagymyzyň hut özi seýisläp ýetişdirdi. Akhan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň düzüminde dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş etdi. Özüniň başarjaňlygyny, ukybyny, gözelligini, hereketleriniň nepisligini görkezdi.

Mähri GAÝYBOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.