Giň sähralaryň öz goýnunda saklaýan täsin syrlary bahar aýlary gözellige teşne göwnüňi göterip, bilesigelijiligiňi has-da artdyrýar we ünsüňi özüne çekýär. Hydyr gören çölüň dilini tapsaň, ol durşuna — hazyna. Şonuň üçin çarwa durmuşy bilen baglanyşykly ýandepderçäme bellän belliklerimi bir ýere jemläp, size ýetirmegi makul bildim.
Mart aýynyň ortalaryndan başlap, çopanlaryň durmuşynda aladalar has-da artýar. Olar «Ýelinaýy» diýlip atlandyrylýan owlak-guzy möwsüminde aladalara üstümizi basdyraýmaly diýen niýet bilen fewralda örä çykyp, agyldyr çalmarlaryny gurup başlaýarlar. Çalmar — çopan öýüniň bir görnüşi. Ol yklamak üçin gowy, çarwany sowukdan goraýar.
***
Çarwalar möjegiň çagasyna «üzit» diýýärler. Meýdan iti hasaplanylýan börüleriň käbir mert häsiýetleri bar. Olar süreniniň töweregindäki sürülere aňsat-aňsat degmeýärler. Ýöne sürenine degseň, hökman aryny alýar, çopana-da başgaça daraýar. Ol sürenindäki çagalaryny janyndan eziz görýär. Şonuň üçin çopanlar öz çoluklaryna: «Möjegiň sürenine degäýme!» diýip, sargyt edýärler.
***
Çopanlaryň arasynda «Dar örüden giň çygyr» diýen nakyl has-da ýörgünli. Olar goýny agylda köp saklamaýarlar. Goýun maly özüniň gabawda bakylmagyny halamaýar. Çarwalaryň arasynda aýdylýan: «Çaga eje diýip aglar, goýun gije diýip aglar» diýen nakyl hem şondan döräpdir. Goýun janawar gije sürüm alsa, ýuwaşlyk bilen ine-gana otlap gezýär. Ýaz oty goýun üçin ýokumly bolýar.
***
Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly sözlügindäki: «Erkeç eti em bolar, erkuw eti ýel bolar» diýen nakylyň özboluşly manysy bar. Erkeç — süriniň gelşigi. Ol owlaklygynda biçilýär. Eti dykyz we çeýe bolýar. Ýokardaky nakylyň üsti bilen erkejiň sagdyn mal bolýandygyny, etini iýseň, dertlere emdigi nygtalýar. Erkuwyň, ýagny, geçiniň eti ýeňil siňýär, onuň süýdi dermandyr. Ýaşulular goçuň etinden erkejiň etiniň tagamly bolýanlygyny aýdýarlar.
***
Ökde çopanlar baharda her iki-üç günden agyly täzeleýärler. Olar owlak-guzy möwsüminde, goýunlaryň köpelýän wagty agylyny has-da päkize saklapdyrlar.
***
Çopanlaryň goýun bakmakdaky öz kadalary bar. Olaryň arasynda: «Goýny otuň içinden däl-de, oty goýnuň içinden geçir!» diýlen nakyl ýörgünli. Gury ot goýny semredegen bolýar. Goýun şor oty gowy görýär. Şonuň üçin çarwalar agylda bir gaba duz salyp goýupdyrlar. Ýylaklary, köne samanlary, ýaz otuny iýýän dowarlaryň eti we süýdi derde derman bolýar. Titir, ýowşan ýaly otlar şor bolýar. Ýöne titiri kadadan köpräk iýen, üstüne-de suw içen, hortabrak goýunlaryň eňki agyberýär.
***
Çarwalar «Suw — goýun üçin doýumlyk, ot bolsa dokluk» diýýärler. Kiçiräk ýere ýygnanan ýagyşdyr garyň suwuna «guýma», ondan uluragyna «kak» diýilýär. Guýmalar sadyr atýança, olaryň suwy bal ýaly bolýar. Süýji guýynyň suwy gyşda mylaýym, ýazda bolsa sowuk bolýar.
***
Goýun sürüsini duş gelen ýerden gaýtarmaly däl. Süriniň ortasyndan üzüp gaýtarsaň, olaryň düzgüni bozulýar. Onuň çygryny ýaýratmasaň, otuny gowy almaýar. Şu düzgüne toklulygyndan endik etdirseň, süriniň özi giň sährada agyp-dönüp otlaýar. Olar jaňyň sesine öwrenişýärler. Ýöne del adam görse ürkýärler. Türkmen alabaýlary çopanlaryň we goýunlaryň wepaly ýoldaşydyr.
***
Baharda çöl ösümlikleriniň arasynda ilki bilen sazagyň pyntygy ýarylýar. Çarwa zenanlary sazagyň pyntyklanlygyny düýäniň süýdüniň köpelendiginden bilýärler.