Lowurdar ýüpek keteni

31 Mart 2021
1860

Dünýäde meşhurlyk gazanan keteni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen uly şäherler bolan Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Aýdan nur, Günden ýylylyk, älemgoşardan reňk, çeşmeden durulyk alan keteni solmaýar, süýnmeýär. Şonuň üçin gelin-gyzlaryň bezemen çabytdyr kürte, don, çyrpy, gültahýa ýaly milli lybaslary keteni matasyndan tikilip, ajaýyp nagyşlar bilen bezelipdir.

Çagalygymdan maňa el işlerini öwreden ejem keteni barada şeýle rowaýaty gürrüň beripdi. Günlerde bir gün lapykeç halda barýan ýigidiň öňünden bir ýaşuly çykyp, onuň halyndan habar alýar. Ýigit ýarawsyz ejesine hiç hili em tapyp bilmeýändigini aýdýar. Şonda ýaşuly ýigide tut agajyna gurçuk goýberip, ýapraklaryndan pile saratmagy, onuň çöpboýadan alnan boýaga boýalan ýüpek süýüminden gyrmyzy reňkde mata dokadyp, köýnek geýdirmegi maslahat berýär. Ýaşulynyň maslahatyna eýeren ýigidiň ejesi gudrat bilen keselinden saplanýar.

Aýlar JEPBAROWA,
Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.