Milli mirasymyz — ruhy baýlygymyz

31 Mart 2021
1595

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçmiş taryhymyzy, milli edebiýatymyzy, ene dilimizi çuňňur öwrenmäge uly üns berilýär. Bu babatda milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplar biz üçin ýol-ýörelge, mekdep bolup hyzmat edýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem halkymyzyň şöhratly geçmişi ussatlyk bilen açylyp görkezilýär.

Kitapda Beýik Ýüpek ýoly bilen argyşa giden kerwenlerde halk döredijiliginden başy çykýan dilewar rowaýatçylaryň, edebiýat, taryh bilen gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary toplaýan alymlaryň bolandygy aýratyn nygtalýar. «Uzak ýollary sökýän kerwene goşulyp, argyşa gitmek özboluşly terbiýeçilik we tejribe mekdebi bolupdyr. Munuň üçin kerwenbaşy argyşçylaryň toparyna dana kyssaçylaryň, alym-ulamalaryň, köpi gören syýahatçylaryň, tejribeli argyşçylaryň goşulmagyny gazanypdyr. Olar goş ýazdyrylyp, dynç alynýan pursatlarynda ýaş argyşçylara täsin wakalary gürrüň berip, dynç almaklaryna ýardam edipdirler. Esasan hem ýaş söwdagärler halal gazanç etmegiň, söwdaň şowlap, tütjar baý bolanyňda hem adamkärçilik, ynsanperwerlik, mähribanlyk duýgularyňy barha çuslaşdyrmagy gazanmagyň zerurdygyny öwrenipdirler. Şol bir wagtda argyşçylar ylym dünýäsine aralaşyp, ruhy baýlygyny artdyrypdyrlar, düşünmeýän meseleleri boýunça alymlardan maslahat alypdyrlar, şeýdibem, köňüllerini ýagşylyk nuruny çaýypdyrlar».

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.