Talyplyk ýyllarymyzda Döwletmyrat Jumadurdyýew bilen tanşyp, ýegre dostlara öwrülmegimize ikimiziňem çeper edebiýata gadyr goýmagymyz sebäp bolan bolsa gerek. Ýogsam biziň okaýan ýokary okuw jaýymyz birem bolsa, hünär ugurlarymyz aýry-aýrydy.
Döwletmyrat galamyny seýregräk işledýänem bolsa, onuň ýazýan zatlarynda okyjynyň nazary bada-bat eglenýär. Soňky döwürde mugallymçylyk işini gum içindäki çarwa obasynda dowam etdirmegi bolsa, çarwa durmuşyna degişli köp sanly milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny toplamaga şert döretdi.
Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, mirasgär.