Zeminiň peşgeşi

29 Mart 2021
2009

Adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan Nowruz baýramy örän gadymydyr. Nowruz — köňülleri joşdurýan, göwünleri wysala ýetirýän, päkleýän, gözelleşdirýän, agzybirlige çagyrýan, rysgal-bolçulyk eçilýän güýje eýedir. Ol diriligiň we agzybirligiň simwolydyr. Togsan dolup, ýere ýyly girýär. Gyş pasly tamamlanyp, ýaz möwsümi başlanýar. Gije bilen gündiz deňleşýär. Bu döwür musulman ýyl çalşygyna gabat gelýär.

Nowruz baýramynda halkymyz üýtgeşik datly tagamlary, ilki bilen, semenini bişiripdirler. Semeni bişirmek dessurynyň müňlerçe ýyllyk taryhy bolup, ol baýramçylyk saçagynyň bezegidir. Dessura görä, semeni gije bişirilipdir. Ol ýaňy maýsalap ugran bugdaýdan taýýarlanylypdyr. Ýagny fewral aýynyň soňky günleri naýbaşy ak bugdaýy gowy ýuwup, arassalap, soňra tagtanyň üstünde endigan serip, Gün düşýän ýerde goýmaly. Günde 3—4 wagtyna suw sepip, berk gözegçilikde saklanan bugdaý maýsalarynyň gökje başy gyrkylyp alynýar. Soňra gyrkylyp alnan başynyň akja köküni sokuda ýenjip, suwuny alyp, üstüne ak bugdaýdan edilen uny gowrup goşmaly we gaýnadyp başlamaly. Gijesi bilen gaýnadylan, uzak zähmeti talap edýän semeni taýýar bolýar.

Tylla ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.