Ýurdumyzda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhymyzy, baý milli mirasymyzy, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşant bolýan medeni we taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, wagyz etmek hem-de olara dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň oba ýerlerinde we etrap merkezlerinde Medeniýet öýlerini açmak, milli medeniýetimizi ösdürmek hakyndaky aladalary her bir raýatyň zähmet bilen dynç alşy utgaşykly alyp gitmegi, sungat ussatlarynyň ajaýyp eserlerini synlap, diňläp ruhy lezzet almagy, etraplarda täze sungat ussatlarynyň, ýüze çykarylmagy ýaly wezipeler bilen utgaşyp gidýär. Munuň üçin ýurt Baştutanymyz ähli amatlyklary bolan medeniýet köşklerini gurduryp ulanmaga berýär. Şeýle medeni maksatly binalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgüdir. Ol 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Döwrebap ülňülerde gurlan iki gatdan ybarat bu medeniýet köşgünde halk, estrada aýdymlaryny ýaş nesillere öwredýän «Yzgant owazlary» aýdym-saz gurnagy hereket edýär. Oguljuma Ataýewanyň ýolbaşçylyk edýän bu aýdym-saz gurnagynyň körpejeleri ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Ogulsuraý Öwezgeldiýewanyň ýolbaşçylyk edýän «Gül çemenleri» atly tans gurnagynda bolsa ýaşlara milli tanslarymyz bilen birlikde döwrebap, şeýle hem dünýä halklarynyň milli tanslary öwredilýär. Olar etrap, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar.